Amerikanyň Prezidenti Donald Tramp Wladimir Putin bilen duşuşar

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen Germaniýanyň Gamburg şäherinde duşuşar

761734
Amerikanyň Prezidenti Donald Tramp Wladimir Putin bilen duşuşar

Ak Tamyň Milli howpsyzlyk boýunça maslahatçysy general-leýtenant Makmaster Tramp bilen Putiniň 7-8-nji iýulda Germaniýanyň Gamburg şäherinde geçiriljek G20 maslahatynyň çäginde duşuşjakdygyny mälim etdi.

Makmaster Trampyň ele aljak aýratyn bir meselesiniň bolmandygyny, dolulygynda öz islegine görä gürleşjekdigini habar berdi.

Duşuşygyň jikme-jikligi barada maglumat bermekden saklanan Makmaster Russiýanyň geçen ýylyň 8-nji noýabrynda geçirilen ABŞ-nyň Prezident saýlawlaryna täsir ýetirendigi baradaky öňe sürmeleriň gün tertibe getirilip-getirilmejekdigi baradaky soraga hem jogap bermedi.

Donald Tramp G20 maslahatynyň çäginde mundan başgada Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel we Meksikanyň Prezidenti Enrike Pena Nieto bilen hem duşuşar.



Degişli Habarlar