“Gadymy Mosul” etrapçasynyň ýarysy yzyna alyndy

Yragyň ýaragly güýçleri Mosulyň günbatarynda ýerleşýän “Gadymy Mosul” etrapçasynyň ýarysynda gözegçiligi üpjün etdi

760418
“Gadymy Mosul” etrapçasynyň ýarysy yzyna alyndy

Mesele hakynda berlen beýanatda “Mosulda söweşýän güýçler Gadymy Mosul etrapçasynyň ýarysynda gözegçiligi üpjün etdi” diýildi.

Yragyň ýaragly güýçleri ozal beren beýanatynda ady agzalýan etrapçanyň Meşahde we Al Bid mähelleriniň yzyna alynandygyny mälim edipdi.

Etrapçanyň darajyk köçeleri we gadymy binalary esgerleriň terrorçylara garşy tanklar we beýleki harby ulaglar bilen söweşmegine böwet bolýar.

Etrapçada terrorçylara garşy köçe söweşleri dowam edýär.

Yragyň ýaragly güýçleri Mosulyň gündogaryny yzyna alandan soň 19-njy fewralda şäheriň günbatarynda howpsyzlygyň üpjün edilmegi üçin operasiýa başladypdy.

 

 

 



Degişli Habarlar