DAIŞ Gadyr gijesi diýmän hüjümini dowam etdirdi

Remezan aýy bolmagyna garamazdan hüjümlerini dowam etdirýän terror guramasy DAIŞ bu gezek bolsa Gadyr gijesinde gadymy metjidi bombalady

757545
DAIŞ Gadyr gijesi diýmän hüjümini dowam etdirdi

DAIŞ Yragyň Mosul şäherinde gadymy Beýik Nuri metjidini we minarasyny ýumurdy.

Terror guramasy metjidiň ABŞ-na degişli uçarlar tarapyndan bombalanandygyny öňe sürdi, resmi Waşington bolsa muny ret etdi.

Amerikan hökümeti bombalamanyň hyzmatdaş güýçlerine degişli toparlaryň metjide golaýlaşyp gelýän wagty bolandygyny habar berdi.

Beýik Nuri metjidi DAIŞ-iň 2014-nji ýylyň iýun aýynda şäheri basyp alan mahaly guramanyň lideri Ebubekir Bagdadiniň halifat yglan eden ýeri hökmünde bilinýär.

Beýik Nuri metjidi 1172-1173-nji ýyllar aralygynda gurulypdy.


Etiketkalar: #DAIŞ , #metjit , #minara , #bombalamak , #ABŞ

Degişli Habarlar