NATO degişli harby uçar Russiýanyň Goranmak ministriniň uçaryna golaýlaşmak isledi

NATO degişli F-16 harby uçar Baltika deňiziniň halkara suw giňişliginde Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýguny alyp barýan uçara golaýlaşmak isledi

757222
NATO degişli harby uçar Russiýanyň Goranmak ministriniň uçaryna golaýlaşmak isledi

Russiýanyň TASS habarlar gullugy Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgunyň uçaryna golaýlaşmak islän NATO degişli F-16 uçarynyň Russiýanyň harby uçarlary tarapyndan uzaklaşdyrylandygyny habar berdi.

Kaliningrada giden Şoýgunyň uçarynyň hadysanyň bolan wagty halkara suw giňişligindedigi mälim edildi.

Beýleki tarapdan Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu Kaliningratda Goranmak ministrliginiň resmileri bilen geçiren duşuşygynda käbir NATO agza ýurtlaryň geosyýasy maksatlaryna ýetmek üçin syýasy, razwedka we ykdysady basyşlary bilen birlikde harby güýjüni bir gural hökmünde ulanýandygyny belledi.

Şoýgu NATO-nyň bular ýaly hereketleri sebäpli Russiýanyň günbatar sebitlerindäki harby bölümlerini güýçlendirendigini habar berdi.

 



Degişli Habarlar