Putin bilen Şa Salman telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Telefon söhbetdeşliginde Katar bilen käbir Arap ýurtlarynyň arasyndaky krizis we Ýakyn Gündogardaky soňky wakalar ara alnyp maslahatlaşyldy

751915
Putin bilen Şa Salman telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen Saud Arabystanynyň Şasy Salman Bin Abdulaziz telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Kremlden berlen beýanata görä, Putiniň Şa Salman bilen  bolan telefon söhbetdeşliginde Katar bilen käbir Arap ýurtlarynyň arasyndaky krizis we Ýakyn Gündogardaky soňky wakalar hakynda pikir alyşandygy nygtaldy.

Russiýa bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky gatnaşyklar hakynda pikir alyşan Putin bilen Şa Salman hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyny isleýändiklerini belledi.

Putin bilen Şa Salman iki ýurduň arasynda dürli ugurlarda geçirilýän gepleşikleriň dowam etdirilmegi babatynda ylalaşyk gazandy.

 



Degişli Habarlar