"Türkiýe bilen gepleşikler dowam etmeli"

Merkel  nemes esgerleriniň Injirlik harby bazasyndan çekilmeginden soň hem Türkiýe bilen gepleşigiň dowam etdirilmelidigini aýtdy

748563
"Türkiýe bilen gepleşikler dowam etmeli"

Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel  nemes esgerleriniň Adanada ýerleşýän Injirlik harby bazasyndan çekilmegi hakyndaky karardan soň hem Türkiýe bilen gepleşigiň dowam etdirilmelidigini aýtdy.

Merkel Bolgariýanyň Premýer ministri Boýko Korisow bilen paýtagt Berlinde  bolan duşuşygyndan soň beren beýanatynda Germaniýanyň Ministrler kabinetiniň nemes esgerleriniň Adanada ýerleşýän Injirlik harby bazasyndan çekilmegi hakynda kabul eden karary dogrusynda analiz berdi.

Merkel, “ Men kararyň gatnaşyklara zeper ýetirjekdigi barada pikir etmeýäris. Türkiýe bilen gepleşiklerimiz dowam etmeli. Birlikde durmuşa geçirýän bähbitli işlerimiz bar. Mundan başgada ykdysady taýdan ýakyndan gatnaşyk edýäris. Şol sebäpli hem gepleşikler dowam etmeli” diýdi.  

Beýleki tarapdan Germaniýanyň Goranmak ministri Ursula Wob Der Leýen hem Milli Goranmak ministri Fikri Yşyga telefon edip Injirlikdäki nemes esgerleriniň Iýordaniýa ugradylmagy hakynda kabul edilen karar barada maglumat berdi.

 

 



Degişli Habarlar