Kataryň Emiri Trampyň çakylygyny kabul etmedi

“Ýurdy gabaw astynda mahaly ýurtdan çykmaz”

748951
Kataryň Emiri Trampyň çakylygyny kabul etmedi

 

Kataryň Emiri Tamim Bin Hamad Al Sani ABŞ-nyň Prezdenti Donald Trampyň Pars aýlag krizisiniň çözülmegi üçin Ak Tamada duşuşmak baradaky çakylygyny kabul etdi.

Kataryň Daşary işler ministri Şyh Muhammed Bin Abdurrahman Al Sani Amerikan AP Habarlar gullugyna beren beýanatynda Al Saniniň Katara goýlan çäklendirmeleriň dowam edýän günlerinde ýurtdan gidip bilmejekdigini we şol sebäpli hem Ak Tamyň çakylygyny kabul etmändiklerini aýtdy.

 Al Sani Kataryň Emiri üçin “Ýurdy gabaw astynda mahaly ýurtdan çykmaz” diýdi.

Çarşenbe güni Kataryň Emiri Al Sani bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçiren Donald Tramp Emiri Ak Tama çagyrypdy we Katar krizsinde töwellaçy bolup biljekdigini mälim edipdi.

Saud Arabystany, Birleşen Arap Emirlikleri, Bahreýin, Müsür we Ýemen duşenbe güni Katar bilen ähli diplomatik gatnaşyklaryny bes edendiklerini mälim edipdi.

Saud Arabystany, Birleşen Arap Emirlikleri we Bahreýin ýurtlarynyň howa giňişligini Katara ýapdy we katarly diplomatlaryň 48 sagadyň dowamynda ýurdy terk etmeklerini isläpdi.

 


Etiketkalar: #Katar , #çakylyk , #ABŞ

Degişli Habarlar