Tramp "terrora goldaw berýän ýurtlaryň terror sebäpli ýitgi çekme howpy bar" diýdi

Ak Tam Trampyň Eýranyň paýtagty Tährandaky hüjümleri ýazgarýandygy hakynda ýazmaça beýanat berdi

748386
Tramp "terrora goldaw berýän ýurtlaryň terror sebäpli ýitgi çekme howpy bar" diýdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Eýranyň Parlamentinde we Homeýni türbediniň golaýynda guralan terrorçylykly hüjümleri ýazgardy we terrora goldaw berýän ýurtlaryň terror sebäpli ýitgi çekme howpynyň bardygyna ünsi çekdi.

Ak Tam Trampyň Eýranyň paýtagty Tährandaky hüjümleri ýazgarýandygy hakynda ýazmaça beýanat berdi.

Beýanatda şeýle diýildi:

“Eýrandaky terrorçylykly hüjümleriň gurbanlary we agyr günlerden geçirýän eýranyň halky üçin doga edýäris we uly gynanç bildirýäris. Terrora goldaw berýän ýurtlaryň terror sebäpli ýitgi çekme howpynyň bardygyna ünsi çekýäris”.

Eýranyň Parlamentinde we Aýetullah Homeýniniň türbediniň golaýynda bolan ýaragly we bombaly hüjümlerde 13 adam ýogalypdy, 43 adam ýaralanypdy.

Hüjümiň jogapkärçiligini terror guramasy DAIŞ öz üstüne aldy.

Eýran bolsa ABŞ-nyň Prezidenti Trampyň beýanatyny “ýerliksiz” hökmünde häsiýetlendirdi.

Daşary işler ministri Jewad Zarif terror guramasy DAIŞ-iň terrorçylykly hüjümden soň  ABŞ-nyň Prezidenti Trampyň beren “terrora goldaw berýän ýurtlaryň terror sebäpli ýitgi çekme howpy bar” diýen beýanatyna garşylyk görkezdi.

Zarif  Twitterden beren ýüzlenmesinde Ak Tamyň beýanatyny “ýerliksiz hökmünde” häsiýetlendirdi.

 



Degişli Habarlar