Ysraýylly esgerler bilen palestinalylaryň arasynda bolan çaknyşyklarda 1 palestinaly ýogaldy

Ysraýylly esgerler bilen palestinalylaryň arasynda Gazza sektorynda bolan çaknyşyklarda 1 palestinaly ýogaldy, 6 adam ýaralandy

747306
Ysraýylly esgerler bilen palestinalylaryň arasynda bolan çaknyşyklarda 1 palestinaly ýogaldy

Gazanyň gündogarynda ýerleşýän Al Karara, Nahil Uz, Al Bureýj we Jebaliýa bosgun düşelgeleriniň ýerleşýän etrapçalarynda bolan çaknyşyklarda ysraýylly esgerler özlerini daşlan palestinalylara garşy hakyky gülle bilen gözüňi ýaşardýan bomba ulandy.

Han Ýunusyň gündogarynda ysraýylly esgerleriň palestinaly protestçylara ot açmagy sebäpli garnyndan ýaralanan bir adam ýogaldy.

Çaknyşykda 6 palestinaly hem ýaralandy.

Gazalylar Ysraýyllyň tussaghanalaryndaky palestinaly tussaglylara goldaw bermek we gabawa garşylyk görkezmek üçin serhetýakasynda ýörişler guraýar.

 



Degişli Habarlar