Siriýanyň demokratik güýçleri Rakka girendiklerini habar berdi

ABŞ-nyň goldawyny alýan Siriýanyň demokratik güýçleri terror guramasy DAIŞ-iň paýtagt hökmünde yglan eden Rakka girendiklerini habar berdiler

746996
Siriýanyň demokratik güýçleri Rakka girendiklerini habar berdi

Siriýanyň demokratik güýçleriniň serkerdesi Rojda Felat: “Güýçlerimiz Rakka gündogaryndaky Al Meşlebden girdi” diýip mälim etdi.

Oppozisionerlere ýakynlygy bilen tanalýan London şäherinde merkezi ýerleşýän Siriýanyň adam hukuklary guramasy tarapyndan berilen beýanatda Siriýanyň demokratik güýçleriniň (SDG) Al Meşlebdäki käbir binalaryň gözegçiligini ele geçirendikleri habar berilýär.

SDG-nyň metbugat geňeşçisi Talal Silo irden beren beýanatynda Rakkany DAIŞ-iň elinedn almagy maksat edinýän ABŞ tarapyndan goldanýan operasiýanyň düýn başlandygyny mälim etdi.



Degişli Habarlar