Demirgazyk Koreýa sanksiýalaryň giňeldilmegine reaksiýa bildirdi

Demirgazyk Koreýanyň hökümedi sanksiýalara we basyşlara garamazdan ýadro güýçlerini emele getirmekden ýüz öwürmejekdiklerini nygtady

745980
Demirgazyk Koreýa sanksiýalaryň giňeldilmegine reaksiýa bildirdi

Demirgazyk Koreýanyň Daşary işler ministrliginiň resmi KCNA agentliginiň habarynda bar bolan beýanatynda BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň anna güni ýadro programasy we ballistik raketa synaglaryny dowam etdirýän Demirgazyk Koreýa garşy sanksiýalaryň giňeldilmegi baradaky karary kabul etmegine reaksiýa bildirendigi habar berildi.

Beýanatda: “Sanksiýa girizmek kararyny kabul eden ýurtlar Demirgazyk Koreýanyň ýadro güýçleriniň öňe gidişliklerini çäklendirmegini biraz hem pikir eden bolsa, bu uly bir ýalňyşlyk bolar. Beýlekileriň näme diýendigi möhüm däl. Sanksiýa we basyş gelse gelsin ýadro güýçlerimizi emele getirmekden dänmeris” diýilýär.

Sanksiýany kabul eden ýurtlaryň ýadro ýaraglaryň ortadan aýrylmagy maksady bilen dialoga ýüz tutmaklarynyň ýerine dogry kararlar kabul etmekleri islenýän beýanatda Demirgazyk Koreýanyň ýadrodan saplanmagy üçin edilýän global tagallalaryň ters täsir ýetirjekdigi nygtaldy.

BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşi geçen hepdäniň anna güni Demirgazyk Koreýa garşy täze sanksiýalaryň girizilmegi kararyny sesleriň köplügi bilen kabul etdi.

Kararda Demirgazyk Koreýaly 14 resmi bilen 4 gurama syýahat gadagançylygy we maddi barlyklarynyň doňdurylmagy göz öňüne tutuldy.



Degişli Habarlar