Mançester hüjümi bilen baglanşykly ýene-de bir adam göz tussaglygyna alyndy

Britaniýanyň Mançester şäherinde guralan terrorçylykly hüjüm bilen baglanşykly ýenede bir adam göz tussaglygyna alyndy

741348
Mançester hüjümi bilen baglanşykly ýene-de bir adam göz tussaglygyna alyndy

Mançester şäheriniň polisiýa gullugy tarapyndan berilen beýanatda hüjümi guran Salman Abedi bilen arabaglanşygy bolan adamlara garşy geçirilýän operasiýanyň çäginde şäheriň Gorton etrapçasynda 19 ýaşly bir erkegiň göz tussaglygyna alynandygy mälim edildi.

Beýanatda häzirki wagta çenli göz tussaglygyna alynan adamlaryň 22-siniň azat edilendigi, 13 adamyň bolsa derňew işleriniň dowam edýändigi habar berildi.

Beýanatda Mançester şäheriniň Rusholme we Gorton etrapçalarynda operasiýanyň dowam edýändigi mälim edildi.

22-nji maýda Britaniýanyň Mançester şäheriniň Mançester Arena konsert zalynyň çykalgasynda guralan 22 adamyň ýogalmagy we 59 adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan terrorçylykly hüjümden soň ýurtda iň ýokary çykarylan terror howp derejesiniň düýnden başlap aşak düşürilendigi bellenýär.



Degişli Habarlar