Türkiýe, Gürjistan we Azerbaýjan iki hepde soň harby türgenleşik geçirer

Gürjistanyň Goranmak ministri Lewan Izoria Türkiýäniň, Gürjistanyň we Azerbaýjanyň ýaragly güýçleriniň iki hepde soň harby türgenleşik geçirjekdigini aýtdy

737745
Türkiýe, Gürjistan we Azerbaýjan iki hepde soň harby türgenleşik geçirer

Izoria Gürjistanyň Batum şäherinde geçirlen Türkiýäniň-Gürjistanyň we Azerbaýjanyň Goranmak ministrleriniň 5-nji maslahatyndan soň metbugata beýanat berdi.

Ministr Izoria üç ýurduň arasynda goranyş taýdan edilýän hyzmatdaşlygyň pugtalanýandygyny aýtdy.

Üç ýurduň goranmak ministrleriniň şu ýyl 5-nji gezek üçtaraplaýyn maslahat geçirmeginden hoşaldygyny aýdan İzoria maslahatyň netijeli geçendigini belledi.

 



Degişli Habarlar