Fransiýada adatdan daşary ýagdaý dolanşygynyň möhledi 1-nji noýabra çenli uzadylar

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron parlamentden adatdan daşary ýagdaý dolanşygynyň möhlediniň 1-nji noýabra çenli uzadylmagyny islär

738475
Fransiýada adatdan daşary ýagdaý dolanşygynyň möhledi 1-nji noýabra çenli uzadylar

Britaniýadaky terrorçylykly hüjümlerden soň Fransiýanyň Milli howpsyzlyk geňeşi Prezident Emmanuel Makronyň ýolbaşçylyk etmeginde Eliysse köşgünde jelenişdi.

Howpsyzlyk geňeşiniň maslahatyndan soň berlen beýanatda; “Prezident Makron parlamente möhledi 15-nji iýulda gutarýan adatdan daşary ýagdaý dolanşygynyň 1-nji noýabra çenli uzadylmagyny we geljek hepdelerde terrora garşy göreş kanunynyň güýçlendirilmegi üçin kanun taslamasynyň taýarlanmagyny talap eder”diýildi.

Parižde 2015-nji ýylyn 13-nji noýabrynda 6 ýerde guralan we 130 adamyň aradan çykmagyna sebäp bolan terrorçylykly hüjümden soň adatdan daşary ýagdaý dolanşygy yglan edilipdi.

Adatdan daşary ýagdaý dolanşygynynň möhledi geçen ýyl 14-nji iýulda Naýs şäherinde guralan we 184 adamyň aradan çykmagyna sebäp bolan terrorçylykly hüjümden soň 5-nji gezek uzadylypdy.

 

 



Degişli Habarlar