Nigeriýada Boko Haram guramasyna agza köp sanda terrorçy tussag edildi

Nigeriýada Boko Haram guramasyna agza terrorçylara garşy geçirilen operasiýada guramanyň 126 agzasy tussag edildi

735176
Nigeriýada Boko Haram guramasyna agza köp sanda terrorçy tussag edildi

Nigeriýanyň Borno welaýatyndaky harby resmi general-maýor Laki Irabor Boko Haramyň 2 hepde ozal Maidguri şäherine degişli Sabon Gari obasyna hüjüm gurandygyny ýatlatdy. 

Hüjümden soň howpsyzlyk güýçleriniň sebitde giň-gerimli operasiýa başladandygyny aýdan Irabor 126 terrorçynyň tussag edilendigini habar berdi.

Irabor operasiýanyň barşynda 8 esgeriň ýaralanandygyny mälim etdi.

 


Etiketkalar: #Nigeriýa , #Boko Haram , #esger , #Borno

Degişli Habarlar