ABŞ Asadyň ýolbaşçylygyndaky hökümete garşy täze sanksiýalar girizer

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Siriýanyň halkyna garşy dowam edýän hüjümler sebäpli Başar Asadyň ýolbaşçylygyndaky hökümede garşy täze sanksiýalar girizmäge taýarlanýar

733885
ABŞ Asadyň ýolbaşçylygyndaky hökümete garşy täze sanksiýalar girizer

Sanksiýalar girizilenleriň arasynda Başar Asadyň ýegeni bilen birlikde 5 siriýaly hem bar.

Mundan başgada merkezi Damask şäherinde ýerleşýän 3 firma, 1 bank we 1 jemgyýet ABŞ-nyň gara sanawyna girizildi.

Waşington aprel aýynyň başynda Idlibde himiki ýarag bilen guralan hüjümden soň Siriýanyň hökümetine bagly Siriýa Ylmy işler we derňewler merkezinde işleýän 291 siriýala garşy sanksiýa girizipdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bolsa bu hüjümi guran uçarlaryň uçan we gonan bazasy bolan Şaýrat howa bazasyna raketaly hüjümi gurapdy.



Degişli Habarlar