Russiýa II Jahan urşynda nasistlere garşy gazanylan ýeňişiň 72 ýyllygyny belläp geçýär

Ýeňiş güni mynasybetli paýtagt Moskwadaky Gyzyl meýdançada dabara geçirildi

728727
Russiýa II Jahan urşynda nasistlere garşy gazanylan ýeňişiň 72 ýyllygyny belläp geçýär

Ýeňiş baýramy mynasybetli geçirilýän harby ýörişe bu ýyl 10 müň esger, 114 sany harby ulag gatnaşdyrylýar.

Ýerli wagt bilen sagat 10:00-da başlan dabara Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň çykyşy bilen başlady.

Gury ýer goşunlaryndan soň sowutly ulaglaryň geçişi boldy.

Kremliň öňündäki harby ýöriş amatsyz howa şertleri sebäpli harby uçarlaryň we dik uçarlaryň çykyşlary bolmazdan tamam boldy.

Ýeňiş güni mynasybetli dabaralar agşam Gyzyl meýdançada guraljak feýrwerkleriň görkezilişi bilen doly tamamlanar.



Degişli Habarlar