Mosulyň demirgazyk günbatarynyň DAIŞ-den saplanmagy üçin operasiýa başladyldy

Yragyň ýaragly güýçleri 2016-njy ýylda şäheriň gündogaryny DAIŞ-den yzyna aldy

725841
Mosulyň demirgazyk günbatarynyň DAIŞ-den saplanmagy üçin operasiýa başladyldy

Yrakda Mosul şäheriniň demirgazyk günbatarynyň terror guramasy DAIŞ-den saplanmagy üçin operasiýa başladyldy.

Yrakly esgerleriň operasiýanyň çäginde Mosulyň demirgazyk günbatarynda ýerleşýän Mişerfe, Kenise we Harmat etrapçalaryna girendigi habar berildi.

Yragyň iň uly ikinji şäheri Mosul 2014-nji ýylyň iýun aýynda terror guramasy DAIŞ-iň gözegçiligine giripdi.

Yragyň ýaragly güýçleri 2016-njy ýylda şäheriň gündogaryny DAIŞ-den yzyna aldy.

19-njy fewralda hem Mosulyň günbatarynyň halas edilmegi üçin operasiýa başladypdy.

 



Degişli Habarlar