Amerikanyň Birleşen Ştatlary terror guramasy ÝPG ýarag bermegini dowam etdirýär

ABŞ aýralykçy terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky goly bolan PÝD-niň ýaragly bölegi ÝPG ýarag bermegini dowam etdirýär

726233
Amerikanyň Birleşen Ştatlary terror guramasy ÝPG ýarag bermegini dowam etdirýär

ABŞ Siriýanyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşen PÝD/PKK terror guramasyna 48 harby ulagdan we 250 esgerden ybarat goşmaça güýç iberdi.

Düýn Siriýa-Yrak serhediniň Semalka gümrük geçelgesinden giren ABŞ-ne degişli harby güýç Hasekeniň gündogaryndaky Malikiýe diýilen ýere baryp ýetdi.

ABŞ Türkiýäniň Siriýanyň Karaçok sebitindäki PKK degişli ýerlere howa hüjümini guramagyndan soň terror guramasyna 22 ýük ulag ýarag, ok-däri we harby ulaglar iberdi.

Terror guramasyna ýarag, ok-däri we harby tälim beren ABŞ-nyň Türkiýäniň serhetaşa operasiýasyny guramagyndan soň PYD/PKK-a goldaw bermegi ünsleri özüne çekdi.

Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň geçen hepde Siriýanyň Karaçok we Yragyň Sinjar sebitlerine howa hüjümini guramagyndan soň terror guramasynyň Türkiýäniň serhet birikmelerine guran hüjüminde Amerikada öndürilýän TOW raketalarynyň ulanylandygy ýüze çykdy.

Birnaçe aý ozal bolsa ABŞ terror guramasyny döwrebap ýaraglar bilen üpjün edipdi.

ABŞ-nyň Türkiýäniň ençeme gezek talap etmegine garamazdan satmadygy FGM-148 Javelin atly taňka garşy raketany hem terror guramasyna bermegi ünsden düşmedi.

PÝD/PKK Siriýanyň demirgazygynda terror koridoryny emele getirmegi maksat edinýär.


Etiketkalar: #ÝPG , #PÝD , #PKK , #ýarag , #ABŞ , #Türkiýe , #ok-däri , #harby

Degişli Habarlar