1-nji maý baýramy dünýäniň çar tarapynda bellenilip geçilýär

Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde 1-nji maý Halk birligi güni dürli-dürli medeni we sport çäreleri bilen bellenilip geçilýär

723551
1-nji maý baýramy dünýäniň çar tarapynda bellenilip geçilýär

Mengilik El meýdançasynda 1-nji maýy belläp geçmek üçin ýygnanan halk ýurtda ýaşaýan ýüzlerçe etniki azlyklaryň wekilleri tarapyndan gurulan çadyrlardaky saçakdan dürli-dürli tagamlary dadyp gördüler.

Astana welaýatynyň häkimi Aset Isekeşew çadyrlary ýeke-ýeke aýlanyp we ol ýerlerdäki tagamlary dadyp Halkyň Birlik gününi gutlady.

Bütin dünýäde Işgärler we zähmetkeşler güni hökmünde bellenilip geçilýän 1-nji maý Gazagystanda 1995-nji ýyldan bäri Halk birligi güni hökmünde bellenip geçilýär.

 

Indoneziýanyň paýtagty Jakarta şäherinde 40 müň zähmetkeş 1-nji maý Zähmetkeşler güni mynasybetli meýdanlara ýygnandylar.

Paýtagtyň merkezi Bunderan Hi meýdançasynda ýygnanan adamlar “Işgärler köp ýaşasyn” ýaly şygarlar bilen Prezident köşgüne tarap ýörediler.

Köşgüň öňünde adamlar az aýlyk, sagylygy goraýyş ätiýaçlandyryşyň ýetmezçiligi we ylalaşykly işler babatyndaky nägileliklerini bildirip, protest etdiler.



Degişli Habarlar