Stoltenberg: “Türkiýäniň özüni goramaga hukugy bar”

Baş Sekretar bu sözleri NATO-nyň goranmak ministrleriniň ýygnagynda aýtdy

721628
Stoltenberg: “Türkiýäniň özüni goramaga hukugy bar”

Demirgazyk Alýansy NATO-nyň baş Sekretary Ýens Stoltenberg Fetullahçy terror guramasy-Parallel döwlet ulgamynyň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygyna sezewar bolan Türkiýäniň özüni goramaga we onuň arkasynda duranlary tapmaga hukugynyň bardygyny aýtdy.

NATO-nyň baş Sekretary Ýens Stoltenberg ÝB-niň goranmak ministrleriniň Maltanyň paýtagty Wallettada geçirilen maslahatynda Türkiýe barada beýannama berdi.

Hyzmatdaşlygyň düzüminde Türkiýäniň harby güýç taýdan ABŞ-dan soň ikinji ýerde durýandygyna ünsi çeken Stoltenberg; “Türkiýe esasy hyzmatdaşlarymyzdan biri. Onuň birnäçe sebäbi bar, hem geostrategik hem ähli görnüşdäki çaknyşyklary başdan geçirýän Yrak we Siriýa bilen serhetdeş bolmagy hem-de Gara deňizde Russiýa goňşy bolmagy taýdan. Türkiýe köp sanly terror hüjümine sezewar boldy. Başga hyzmatdaşlarymyz şeýle hüjümlere sezewar bolmady” diýdi.



Degişli Habarlar