Mattis Ýakyn Gündogar we Afrika ýurtlaryna guraýan saparyna Saud Arabystanyndan başlady

ABŞ-nyň Goranmak ministri Jim Mattis Ýakyn Gündogar we Afrika ýurtlaryna guraýan saparynyň ilkinji duralgasy bolan Saud Arabystanyna bardy

716044
Mattis Ýakyn Gündogar we Afrika ýurtlaryna guraýan saparyna Saud Arabystanyndan başlady

Paýtagt Riýatda metbugata beýanat beren Mattis Saud Arabystanynyň sebitiň we ABŞ-nyň bähbitleri üçin howpsyzlyk taýdan esasy ýurt bolmagynda galýandygyny aýtdy.

Mattis  saparynyň çäginde Saud Arabystanly ýolbaşçylar bilen iki ýurduň arasyndaky strategik gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy hakynda pikir alyşjakdyklaryny ýatlatdy.

Ýemende başdan geçirilýän wakalar hakynda hem durup geçen Mattis Eýrandan alynan döwrebap roketalaryň Saud Arabystanyna atylandygyny we munyň esasy meseledigine ünsi çekdi.

Mattis Ýemen urşunyň indi bes edilmelidigini aýratyn belledi.

ABŞ-nyň Goranmak ministri Mattis Saud Arabystanyndan soň Müsürde, Ysraýylda, Katarda we Jibutide saparda bolar.

 



Degişli Habarlar