Merkel Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

710272
Merkel Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Nemes hökümetiniň metbugat geňeşçisi Steffen Seibert iki lideriň Siriýanyň İdlib şäherinde geçen hepde guralan hüjümde himiki ýaragyň ulanylmagy we Demirgazyk Koreýanyň ýadro maksatnamasy hakynda pikir alyşandygyny aýtdy.

Merkel telefon söhbetdeşliginde Siriýadaky himiki ýarag hüjüminden soň ABŞ-nyň Siriýada guran roketa hüjümine goldaw berdi emma syýasy etabyň BMG-nyň çäginde alnyp barylmalydygyny nygtady.

Beýanatda Siriýadaky syýasy geçiş etabynda Russiýa bilen hyzmatdaşlyk edilmeginiň ähmiýetine  we“Asatsyz Siriýa” üns çekildi.

 

 



Degişli Habarlar