Indoneziýada 7 metr uzynlygyndaky piton ýylany adam ýuwtdy
Obanyň ýaşaýjylarynyň biri tarapyndan alynan wideoda ýylanyň garnyndan çykan jesetde egin-eşigiň we ädikleriniň bardygy görüldi
701638

Indoneziýanyň Sulewasi welaýatynda palma ýagyny ýygnamak üçin 2 gün ozal öýünden çykan we yzyna gaýdyp gelmedik 25 ýaşly Akbar Salubironyň jesedi 7 metrlik piton ýylanynyň içinden tapyldy.
Obanyň ýaşaýjylary palma agaçlarynyň arasynda tutan piton ýylanyny ägirt uly görüp ony öldürdiler.
Garny ýarylan pitonyň içinden Salubironyň jesedi çykdy.
Obanyň ýaşaýjylarynyň biri tarapyndan alynan wideoda ýylanyň garnyndan çykan jesetde egin-eşigiň we ädikleriniň bardygy görüldi.
Degişli Habarlar

Amerikan hökümeti, adam pidalaryna sebäp bolan uçar heläkçiliginden soň ýüzlerçe adamy işden çykardy
Federal Awiasyýa gullugyndan 400-e golaý adamy işden çykaryldy.