ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklarda täze döwre gadam basyldy

Tillerson resmi Waşingtonyň özara bähbide esaslanýan iki taraply gatnaşyklaryň ösdürilmegini isleýändigini nygtady

694784
ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklarda täze döwre gadam basyldy

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Rexs Tillerson Gündogar Aziýa guraýan saparynyň çäginde Hytaýyň Döwlet başlygy Şi Sinping bilen duşuşdy.

Tillerson resmi Waşingtonyň özara bähbide esaslanýan iki taraply gatnaşyklaryň ösdürilmegini isleýändigini nygtady.

Reks Tillerson ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Hytaý bilen edilýän gatnaşyklary ösdürmek isleýändigini we Hytaýa sapar guramak üçin sabyrsyzlanýandygyny aýtdy.

Hytaýyň Döwlet başlygy hem Trampyň we özüniň gatnaşyklarda täze döwre uly ynam bildirýändigini aýtdy.

Sinping Tramp bilen geçen aý geçiren telefon söhbetdeşliginde Waşington-Pekin gatnaşyklaryny ösdürmek üçin tagalla etmek barada ylalaşyk gazanandyklaryny ýatlatdy.

 



Degişli Habarlar