Puşkow Türkiýäniň ýurdunyň esasy hyzmatdaşydygyny nygtady

Russiýanyň Federasiýa geňeşiniň Maglumat syýasatlary komissiýasynyň başlygy Alekseý Puşkow, Türkiýäniň ýurdunyň esasy hyzmatdaşydygyny nygtady

690163
Puşkow Türkiýäniň ýurdunyň esasy hyzmatdaşydygyny nygtady

Rus telewideniýe kanalyna beýanat beren Puşkow Moskwanyň şu günki günde Ýakyn Gündogarda esasy rol oýnaýandygyny nygtady we Prezident R. T. Erdoganyň ýurduna guran saparynyň netijeli bolmagynyň Russiýanyň bähbidinedigini ýatlatdy.

Saparyň çäginde ykdysady çäklendirmeleriň ortadan aýrylmagy we iş wizasynyň bes edilmegi ýaly meseleleriň seljerlendigini aýdan Puşkow “Erdogan Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen ýakyndan gatnaşyk edýär. Türkiýe Siriýanyň demirgazygynda Kürt döwletiniň gurulmagyna alada bildirýär we bu meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin jenap Erdogan Moskwa geldi” diýdi.

Türkiýe bilen birlikde uly taslamalary durmuşa geçirmegiň ähmiýetine ünsi çeken Alekseý Puşkow “Ýakyn Gündogardaky taslamalarsyýasy we ykdysady taýdan sebitde pozisiýamyzy güýçlendirer” diýdi.

 



Degişli Habarlar