ABŞ DAIŞ-e garşy göreş maslahatyna ýer eýeçiligini etmäge taýarlanýar

DAIŞ-e garşy göreş maslahatyna 68 ýurduň wekili gatnaşar

688560
ABŞ  DAIŞ-e garşy göreş maslahatyna ýer eýeçiligini etmäge taýarlanýar

ABŞ terror guramasy DAIŞ-e garşy göreş maslahatyna ýer eýeçiligini etmäge taýarlanýar.

 Mart aýynyň 22-23-i aralygynda geçiriljek terror guramasy DAIŞ-e garşy göreş maslahatyna 68 ýurduň wekili gatnaşar.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Rexs Tillersonyň ýer eýeçiliginde geçiriljek maslahata Türkiýäniň adyndan Mewlüt Çawuşogly gatnaşar.

Maslahatda DAIŞ-e garşy göreşiň harby we ykdysady ugurlary bilen birlikde terror guramasyndan yzyna alynan ýerleriň gözegçiligi meselesi ara alnyp maslahatlaşylar.

DAIŞ-e garşy göreşde halkara hyzmatdaşlygyna goldaw berýän ýurtlaryň daşary işler ministrlerinin soňky maslahaty 2016-njy ýylyň iýul aýynda Waşingtonda geçirlipdi.

 



Degişli Habarlar