Yragyň goşunynyň Mosul operesiýasy dowam edýär

Yragyň howpsyzlyk güýçleri Mosuly terror guramasy DAIŞ-den saplamak operasiýasynyň çäginde şäherdäki dolanşyk binalarynyň ýerleşýän ýeri bolan etrapçany ele saldy

686053
Yragyň goşunynyň Mosul operesiýasy dowam edýär

Yragyň Içeri işler ministrligine degişli ýörite harby toparlar Ninowa welaýatynyň dolanşyk binasynyň ýerleşýän etrapçada operasiýa geçirip, ol ýerleri DAIŞ-e agza terrorçylardan saplady.

Çaknyşykda köp sanda terrorçy öldürildi.

Etrapçanyň gözegçiligiň ele salynmagy golaýdaky köne şäheriň merkezinde ýerleşýän terrorçylara garşy geçiriljek operasiýanyň aňsatlaşdyrylmagy taýdan wajypdy.

Şäheriň gündogaryny basyp alan Yragyň howpsyzlyk güýçleri 19-njy fewraldan başlap günbatar tarapyny DAIŞ-den saplamak üçin operasiýasyny dowam etdirýär.

Sebitdäki çaknyşyklar sebäpli her gün takmynan 4 müň adam öýlerini terk edýändigi habar berilýär.



Degişli Habarlar