10 ýyl ozal gozgan gyrgynçylyk işine ýaňadandan seredilmegi üçin ýüz tutular

Srebrenisa gyrgynçylygyndan bäri 22 ýyl geçdi

679582
10 ýyl ozal gozgan gyrgynçylyk işine ýaňadandan seredilmegi üçin ýüz tutular

Bosniýa-Gersogowiýanyň Halkara Adalat Diwanynda Serbiýa garşy mundan 10 ýyl ozal gozgan gyrgynçylyk işine ýaňadandan seredilmegi üçin ýüz tutma ediler.

  Bosniýaly hünärmenler global syýasy konýenkturanyň kazyýetiň netijesine täsirini ýetirmegine alada bildirýär.

Gyrgynçylygyň gurbanlarynyň hossarlary adalatyň ýerine düşmegine garaşýar.

Srebrenisa gyrgynçylygyndan bäri 22 ýyl geçdi.

Gyrylan 9 müň raýat üçin adalat gözlegi dowam edýär.

Bosniýa-Gersogowina 2007-nji ýylda Serbiýany gyrgynçylykdan jogapkär saýyp, Halkara Adalat Diwanynda kazyýet işiniň gozgalmagy üçin ýüz tutupdy.

Gagadaki kazyýet delilleriň azlygy sebäpli Serbiýany aklapdy.

Emma kazyýet täze deliller ýüze çykan halatynda karara närazylyk bildirmek üçin 10 ýyl möhlet beripdi.

Halkara Saraýewo uniwersitetinin professory Mirsad Kariç kazyýet işiniň netijesine syýasy konýenkturanyň täsiriniň boljakdygyna ünsi çekýär.

Boşnýaklaryň Serbiýa garşy ýaňadandan kazyýet işini gozmagyna bosniýaly serpler berk reaksiýa görkezýär.

Professor Kariç serp hökümetiniň dymýan ýaly görünmeginiň kazyýet işine syýasy taýdan goşulyşmanyň bolup biljekdigine ünsi çekýär.

Gyrgynçylygyň gurbanlarynyň hossarlary bolsa adalatyň giç hem bolsa ýerine düşmegini tama edýär.

Srebrenisa Eneleri jemgyýetiniň başlygy Munira Subaşiçiň garyndaşlaryndan 22 sanysy gyrgynçylykda gurban bolupdyr.

Subaşiç: “eger-de şu kazyýet işi gozgalmadyk bolsady boşnýak liderleri asla bagyşlamazdyk” diýdi.

Kazyýet işi gaýtadan sereden halatynda 22 ýyllyk ýaralar ýaňadandan daglanar.

Boşnýak lider Balir İzzetbegowiç bu gezekki maksatlaryndan biriniň gyrgynçylygyň diňe bir Srebrenisa bilen çäkli bolmandygyny subut etmekden ybaratdygyny aýtdy.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar