Kiýewde dartgynlyk möwjeýär

Hökümetiň ekstremistleriň gözegçiligi astyndaky ýerlerde berk pozisiýa eýelemegini isleýän toparlar protest aksiýasyny geçirdi

676665
Kiýewde dartgynlyk möwjeýär

Ukrainanyň gündogarynda rus ekstremistleri bilen çaknyşyklar möwjeýän bolsa, paýtagt Kiýewde dartgynlyk möwjeýär.

Hökümetiň ekstremistleriň gözegçiligi astyndaky ýerlerde berk pozisiýa eýelemegini isleýän toparlar protest aksiýasyny geçirdi.

Milletçi toparlar ekstremistleriň esasy bölegine gözegçilik edýän Donbas şäheri bilen söwda gatnaşyklaryny dolulygyna kesmegini talap edýär.

Aksiýanyň dowamynda protestçi toparlar bilen polisiň arasynda dartgynly pursatlar başdan geçirildi.

Wakalaryň dowamynda 1 polis gullukçysy agyr ýaralandy, käbir demonstrantlar saklandy.

Ukrainanyň gündogary 2014-nji ýyldan bäri rus ekstremistleriniň we olary goldaýan rus harby güýçleriniň gözegçiligi astynda.

Sebitdäki çaknyşyklar soňky 1 aýda ýaňadandan möwjeýär.

 



Degişli Habarlar