ABŞ Fethullah Güleni yzyna Türkiýä berip biler

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň ÝB ilçi wezipesine dalaşgär Ted Mellok Fetullahçy terror guramasynyň ýolbaşçysy Fethullah Güleniň yzyna Türkiýä  berilip bilinjekdigini mälim etdi

676328
ABŞ Fethullah Güleni yzyna Türkiýä berip biler

Professor Ted Mellok Türkiýede ýaýlyma berilýän hususy telewideniýede soraglara jogap berip, FETÖ-niň ýolbaşçysy Güleniň yzyna gaýtarylyp berilmegi bilen baglanşykly: “Tomusda bolan wakalar, agdarlyşyk synanyşygy bular bilen baglanşykly ähli maglumatlara eýediris. ABŞ etabyň ahyrynda näme üçin yzyna bermesin. Obama döwründe gerek bolan ädimler ýerine ýetirilmedi. Bu guramanyň Klinton gaznasy bilen arabaglanşygy bardygy barada aýyplamalar boldy. Emma Trampyň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň Fethullah Güleni yzyna gaýtaryp biler diýip pikir edýärin. Bular ýaly agdarlyşyk synanyşygyny eden adam biziň toparklarymyzda. Türkiýe NATO agza bir ýurt we biziň aramyzda strategik hyzmatdaşlyk bar. Türkiýäniň talaby Tramp döwründe hem gaýtalanmaly” diýdi.

Ted Mellok örän gowy düşünişjekdiklerini pikir edýärin diýip teswirlän Tramp bilen Türkiýäniň Prezidenti Erdogan barada bolsa: “Iki lideriň arasynda konstruktiw gepleşikleriň geçirilendigi aýdylýar. Öňümizdäki birnäçe aýyň dowamynda duşuşyp bilerler. Ukyplary we häsýetleri taýdan meňzeşdiklerini pikir edýärin” diýdi.



Degişli Habarlar