Gresiýada Türkiýäniň konsullygyna hüjüm guraldy

Gresiýada Türkiýäniň Komotinidäki konsullygynyň diwarlaryna we howlusyna boýag bilen hüjüm guraldy

665936
Gresiýada Türkiýäniň konsullygyna hüjüm guraldy

Düýn günortan Türkiýäniň Komotinidäki konsullygynyň ýerleşýän köçesine baran 8 adamdan ybarat topar binanyň daşarky diwarlaryna we howlusyna gyzyl we gara boýagly çüýşeler zyňdylar.

Şaýatlar DHKP-C terror guramasyna şygar aýdyp goldaw beren toparyň hadysadan soň gaçandyklaryny bellediler.

Polisiýa gullugy waka bilen baglanşykly derňew işini başlatdy.



Degişli Habarlar