Täjigistan harsaň apatyny başyndan geçirýär

Tebigy heläkçilikde häzirki wagta çenli 7 adam ýogaldy

661693
Täjigistan harsaň apatyny başyndan geçirýär

Täjigistanyň demirgazygynda bolan harsaň sebäpli 7 adam ýogaldy, 800-den gowrak adam başga ýerlere göçürildi.

Täjigistanyň Gyssagly ýagdaýlar döwlet komiteti tarapyndan berilen maglumata görä paýtagt Duşenbe bilen ýurduň demirgazygyndaky Hojandy bileşdirýän ýolda 5 adam we Horog-Murgab ýolunda bolsa 2 adam ýogaldy.

Sebitde geçen hepdäniň ahyrynda 40-dan gowrak harsaň boldy. Halas ediş işleriniň netijesinde häzirki wagta çenli 800-den gowrak adam howpsyz ýerlere göçürildi.



Degişli Habarlar