Samuelsen: “1915-nji ýyldaky wakalary analiz etmek taryhçylaryň işi”

Daniýanyň Daşary işler ministri Anders Samuelsen 1915-nji ýyldaky waklalary seljerip, analiz etmegiň taryhçylaryň işi bolandygyny aýtdy

655747
Samuelsen: “1915-nji ýyldaky wakalary analiz etmek taryhçylaryň işi”

Ministr Samuelsen; “Höümet taryhy meselelerde awtoritar däl we bolmak hem islemeýär. Hökümetimiz Mejlise hem şeýle işe girişmezligini maslahat berýäris” diýdi.

Daniýanyň Daşary işler ministri käbir partiýalaryň ministriň jogap bermegini islän soraglary barada garaýyşlaryny beýan etdi.

Ministr Samuelsen Parlamentde sözlän sözünde taryhy wakalaryň syýasylaşdyrylýandygyny nygtap, şol sebäpli wakanyň taryhçylaryň garamagyna berilmegini aýtdy.

Ministr Samuelsen; “Döwlet tarapyndan taryhy kesgitleýän awtoritarymyz ýok we bolmazam” diýdi.

Türkiýede ýaşaýan ermeni, musaýy we grek azlyklaryň azlyk hökmünde ykrar edilendigini ýatladan Samuelsen, Türkiýe bilen Ermenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň nähili boljakdygyna-da iki ýurduň karar berjekdigini nygtady.

Soň bolsa Mejlisde 1915-nji ýyldaky wakalar baradaky iki tekstiň 26-njy ýanwarda sese goýulmagyna karar berildi.

Beýleki tarapdan Daniýanyň Halk partiýasynyň Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk gepleşikleriniň saklanmagy barada beren teklibi sesleriň köplügi bilen ret edildi.



Degişli Habarlar