Aýa çykan soňky astronawt Ýudžin Sernan aradan çykdy
Aýa çykan soňky astronawt Ýudžin Sernan 82 ýaşynda hassahanada aradan çykdy

NASA tarapyndan berilen beýanatda hormatly dynç alyşlyga çykan astronawt Ýudžin Sernan bejergi alan Amerikanyň Hýuston şäherindäki hassahananda ýogalandygy habar berildi.
Beýanatda: “82 ýaşynda bolmagyna garamazdan älem giňişliginiň derňelmegi baradaky höwesini ýitirmeýän Sernan döwlet ýolbaşçylary we ýaşlary aýa çykan soňky adam bolup galmazlyk üçin höweslendirdi” diýip bellendi.
1934-nji ýylda dogulan Sernan NASA-nyň Apollo 17 missiýasynyň çäginde 1972-nji ýylyň 12-nji dekabrynda aýa çykan 12-nji we soňky astronawt boldy.
Sernan aýdan gaýtmazdan ozal: “Gelişimiz ýaly gidýäris we bütin adamzada parahatçylyk we umyt getirmegi üçin yzymyza gaýdyp barmagy umy edýärin” diýipdi.
Degişli Habarlar

Gazada Ýogalanlaryň Sany Artmaga Dowam Edýär
Ysraýyl tarapyndan guralan soňky hüjümlerde 9 adamyň hem ýaralanandygy nygtaldy.