Gollandiýada musulman çagalaryň okaýan mekdebine hüjüm guraldy

Gollandiýanyň paýtagty Amsterdamda musulman maşgalalaryň çagalarynyň okaýan As-Siddiek atly yslam mekdebine ýaragly hüjüm guraldy

650158
Gollandiýada musulman çagalaryň okaýan mekdebine hüjüm guraldy

Resmiler mekdebiň diwarlaryna 8 okyň degendigini dynç alyş günlerinden gelenlerinden soň gördüler.

Polisiýa tarapydnan berilen beýanatda hüjümiň kim tarapyndan guralandygyny entek anyklanmandygyny, hüjümiň täze ýyl gijesi guralan bolmagynyň ähtimaldygyny belledi.

Waka bilen bagly derňew işi dowam edýär.

Mekdepde okaýan çagalaryň biriniň ene-atasy metbugat işgärlerine beren beýanatynda mekdebiň binasynda 8 okuň deşigini görendigini belläp: “Ene-atalar we mugallymlar özlerini howp astynda duýýarlar” diýdi.



Degişli Habarlar