Trampyň H-1B wiza düzgünini çäklendirmegine ýa-da bes etmegine garaşylýar

ABŞ-da 20-nji ýanwarda Prezidentlik wezipesine başlajak Donald Trampyň ýurda işlemek üçin gidýänlere berilýän H-1B wiza düzgünini çäklendirmegine ýa-da bes etmegine garaşylýar

647890
Trampyň H-1B wiza düzgünini çäklendirmegine ýa-da bes etmegine garaşylýar

Fetullahçy terror guramasy (FETÖ) Türkiýeden getiren mugallymlaryny ABŞ-daky mekdeplerinde işletmek üçin şol wiza düzgüninden peýdalanýar.

“Waşington Post” gazetiniň habar bermegine görä Tramp Wekiller Palatasynyň agzasy Deril Esýanyň Kongresiň garamagyna hödürlän “iş wizasy” kanunyna goldaw berdi.

Donald Tramp H-1B wiza düzgünini “arzan el güji” we “uly hyýanatçylyk” hökmünde häsýetlendirdi.

Kanun bilen ýurtdaky potensial iş mümkünçiliginiň daşary ýurt raýatlaryna werilmeginiň öňüniň alynmagy we geljek daşary ýurtly işgärleriň hiliniň ýokarlandyrylmagynyň üpjün edilmegi nazarda tutulýar.

Kanun tassyklanan halatynda ABŞ-ny baza hökmünde peýdalanýan FETÖ uly zarba urular we guramanyň agzalarynyň wiza möhletleri uzaldylmaz.

FETÖ-nin ýurtda özüne tabynlykda şertnamaly Çarter mekdepleri we firmalary üçin “Google” ýaly firmalardan hem köp adam alyp gidýändigi we olaryň esasy böleginiň ýokary bilimli däldigi, hat-da iňlis dilini gowy bilmeýändigi beýan edilýär.

FETÖ-nin mekdeplerinde işlän mugallymlardan biri 2013-nji ýylda mekdebiň tejribesiz we iňlis dilini gowy bilmeýän türk mugallymlaryny işe kabul edýändigini we olara tejribeli amerikaly mugallymlardan ýokary aýlyk berýändigini öňe sürüp, jenaýat üçini gozgapdy.

Şol kazyýet işi bilen guramanyn H-1B wiza düzgüni boýunça galplygy Amerikanyň gün tertibine gelip, uly reaksiýa döredipdi.

 


Etiketkalar: #ABŞ , #wiza , #Tramp , #FETÖ , #mekdep , #mugallym

Degişli Habarlar