Resmi Waşington täze prezident üçin taýarlyk görýär

Donald Tramp 20-nji ýanwarda dabara bilen prezidentlik wezipesine başlar

648025
Resmi Waşington täze prezident üçin taýarlyk görýär

Dabara Prezident Barak Obamanyň täze prezidenti we onuň maşgala agzalaryny Ak Tamda myhman almagy bilen başlar.

İlki bilen Obamalar we Tramplar masşgalasy Ak Tamda duşuşar. Şeýlelikde wezipe çalşygy başlar. Şol pursatda Obamanyň iş topary goşlaryny ýygnar, Trampyň iş topary bolsa Ak Tama ornaşar.

Prezident Obama we Tramp soň Ak Tamdan Senata gider.Kasam ediş dabarasy Senatda geçiriler.

Bu taryhy pursada şaýatlyk etjek müňlerçe adam ýol ugruna gurlan platformalarda durarlar. Donald Tramp yza dolanýarka ABŞ-nyň resmi taýdan 45-nji prezidenti bolar.

Amerikan konstitutsiýasyna görä injile kasam etjek Trampa maşgala agzalary bilen birlikde köp sanly myhman ýoldaşlyk eder.

Hillari Klinton kampaniýalarynyň dowamynda berk tankyt eden bäsdeşi Donalt Trampyň kasam ediş dabarasyna gatnaşjakdygyny beýan etdi.

Donald Tramp iş toparynyň esasy bölegini kesgitledi.

İçeri we daşary syýasatda tapawutly çemeleşjekdigini duýduran Tramp, Barak Obama tarapyndan bellenen köp adamy wezipeden boşatdy.

ABŞ-nyň Tramp döwründe alyp barjak syýasaty uly gyzyklanma döredýär.



Degişli Habarlar