DAIŞ nebit ýataklaryny ýakýar

DAIŞ Kaýýaranyň geçen ýylyň awgust aýynda saplanmagyndan soň sebitdäki nebit ýataklaryny ýakypdy

647914
DAIŞ nebit ýataklaryny ýakýar

Yragyň Mosul şäheriniň günortasyndaky Kaýýara diýilýän ýerde terror guramasy DAIŞ tarapyndan ýakylan 25 nebit guýusynyň 16-sy söndürildi.

Kaýýarada ýakylan beýleki guýularyň söndürilmek işleri bolsa dowam edýär.

DAIŞ-iň ýakmadan ozal sebite ýerleşdiren minalaryň saplanmagynyň haýal dowam edýändigi sebäpli ýangynyň söndürilmegi hem haýal dowam edýär.

DAIŞ 2014-nji ýylyň iýun aýynda basyp alan Kaýýaranyň geçen ýylyň awgusta aýynda saplanmagyndan soň sebitdäki nebit ýataklaryny ýakypdy.


Etiketkalar: #Mosul , #Kaýýara , #nebit , #ýatak , #awgust

Degişli Habarlar