Siriýada ozalky ady Al Nusra bolan gurama hüjüm guraldy

Howa hüjümini Russiýanyňmy ýogsam ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky hyzmatdaş güýçleriniňmi gurandygy habar berilmedi

644235
Siriýada ozalky ady Al Nusra bolan gurama hüjüm guraldy

Siriýada ozalky ady Al Nusra fronty bolan Jabhat Al fetih Al Damask guramasyna garşy guralan howa hüjümlerinde ilkinji kesgitlemelere görä 30 adam ýogaldy, onlarça adam ýaralandy.

Merkezi London şäherinde ýerleşýän Siriýa adam hukuklary guramasy Siriýanyň demirgazygynda ýerleşýän Idlibiň Sermede şäherçesinde Jabhat Al fetih Al Damask guramasynyň agzalarynyň galýan binasynyň bombalanandygyny mälim etdi.

Howa hüjümini Russiýanyňmy ýogsam ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky hyzmatdaş güýçleriniňmi gurandygy habar berilmedi.

Siriýadaky oppozisioner toparlar Asada bagly güýçleriň hüjümlerini bahana edip, Gazagystanyň paýtagty Astanadaky syýasy gepleşiklere gatnaşmajakdyklaryny belläpdiler.



Degişli Habarlar