Fransua Oland Yrakda saparda boldy

Fransiýanyň Prezidenti Fransua Oland düýn Yrakda saparda boldy

642978
Fransua Oland Yrakda saparda boldy

Oland paýtagt Bagdatda Prezident Fuad Masum we Premýer ministr Haýdar Al Abadi bilen bolan duşuşygyndan soň Erbile bardy.

Oland soň bolsa terror guramasy DAIŞ-e garşy göreşýän peşmerge güýçleri we fransuz harby geňeşçileri bilen duşuşdy.

Oland duşuşyklaryndan soň Barzani bilen metbugata beýanat berdi.

Mosulda terror guramasy DAIŞ-e garşy göreşde peşmerge güýçleriniň berýän goldawynyň ähmiýetine ünsi çeken Fransua Oland, Mosuldaky söweşde bahar aýlarynda ýeňiş gazanylyp bilinjekdigini aýtdy.

 

 



Degişli Habarlar