Asada bagly güýçler oppozisionerleri Halapdan uzaklaşdyrmak üçin operasiýa başlatdy

Siriýada Halap şäherini dolulygyna basyp alan Asada tabynlykdaky güýçler oppozisionerleri şäheriň golaýyndan uzaklaşdyrmak üçin täze bir operasiýa başlatdy

637216
Asada bagly güýçler oppozisionerleri Halapdan uzaklaşdyrmak üçin operasiýa başlatdy

 

Asada bagly güýçler Halap şäheriniň gündogaryny basyp almagyna garamazdan, howpsyzlygy doly ýagdaýda üpjün edip bilmedi.

Şäheriň golaýyndaky oppozisionerler wagtal-wagtal şäheriň merkezine raketaly hüjüm guraýarlar. Soňky hüjümde 1 adamyň ýogalmagy bilen Asada bagly güýçler oppozisionerleri has hem uzaklaşdyrmak üçin operasiýa başlatdy.

Şäheriň golaýyndaky oppozisionerleriň gözegçiligi astyndaky liniýalara Russiýanyň we Siriýanyň Ýaragly güýçlerine degişli uçarlar howa hüjümlerini guraýarlar.

Oppozisionerler Atareb obasyna guralan howa hüjümlerinde 6 adamyň ýogalandygyny habar berdiler.

Halapda bolsa ýagdaý kadalaşmaga başlady. Ýaşaýjylar oppozisionerlerden basylyp alynan etrapçalara gaýdyp gelmäge başladylar.



Degişli Habarlar