Halabyň Fua we Kefreýa etrapçalarynda iki taraply göçürlişikler tamamlandy

Siriýada hökümetiň we hökümetiň tarapynda durýan terrorçylaryň gabawy astyndaky gündogar Halapdan hem-de oppozisionerleriň gabawy astyndaky Fua we Kefreýa etrapçalaryndan iki taraply göçürlişikler tamamlandy

636212
Halabyň Fua we Kefreýa etrapçalarynda iki taraply göçürlişikler tamamlandy

Gündogar Halapdan esasy bölegi ýaragly oppozisionerlerden ybarat 5 awtobusdan we 30 ulagdan ybarat kerwen ýola düşdi.

Hökümetiň Ramusadaky barlag nokadyndan ugran müň adamlyk kerwen Halabyň günbatarynda oppozisionerleriň gözegçiligindäki Raşidin etrabyna tarap barýar.

Düýn Halapdan 10 awtobus we 420 hususy ulag bilen 3,5 müňe golaý adam göçürildi.

İdlibiň oppozisionerleriň gözegçiligi astyndaky Fua we Kefreýa etrapçalaryndan 250 adam Halabyň günbatarynda hökümetiň gözegçiligindäki etraplara bardy.

Halabyň gündogaryndan oppozisionerleriň çykmagyndan soň Halabyň şäher merkezi dolulygyna Siriýanyň harby guşunlarynyň we daşary ýurtly terror toparlarynyň gözegçiligine geçdi.

15-nji dekabrda göçürlişigiň başlamagyndan bäri Halapdan 45 müňe golaý asuda ilat we oppozisioner ýüzlerçe awtobus hem-de müňlerçe ulag bilen Halapdan gaýtdy.

Hökümetiň tarapynda durýan daşary ýurtly terror toparlarynyň gözegçiligindäki Fua we Kefreýadan bolsa jemi 2 müň adam halas edildi.

Türkiýe bilen Russiýanyň öňbaşçylyk etmeginde gazanylan ylalaşyga laýyklykda gündogar Halapdaky ilatyň göçürilmeginiň tamamlanmagyndan soň hökümete degişli güýçleriň gabawy astyndaky Madaýa etrapçasy bilen Zabadani etrabyndan hem göçürlişik başlar.

İlatynyň açlykdan ölmäge başlamagy bilen gün tertibine gelen etraplardan 1,500 adamyň İdlibe göçürilmegi meýilleşdirilýär.

Gündogar Halapdan asuda ilaty we oppozisionerleri alyp gelen ilkinji ulag kerweni 15-nji dekabrda ýola düşüpdi.

Halapdan gaýdan ilat Türkiýe serheginde oppozisionerleriň gözegçiligindäki İdlib şäherine ýerleşdirilipdi.

Eýranly general Seýid Jawadyň gözegçiligindäki hökümetiň tarapynda durýan terror toparlary dekabr aýynyň 15-16-synda gündogar Halapdan göçýän ilata höjüm edip, 18 adamy öldüripdi.

 



Degişli Habarlar