Türkiýäniň, Russiýanyň we Eýranyň gatnaşmagynda üç taraplaýyn maslahat geçirildi

“Türkiýe, Eýran we Russiýa parahatçylyk jarnamasyna goldaw berýär”

634596
Türkiýäniň, Russiýanyň we Eýranyň gatnaşmagynda üç taraplaýyn maslahat geçirildi

Russiýanyň paýtagty Moskwada Siriýadaky krizisiň çözülmegi üçin Türkiýäniň, Russiýanyň we Eýranyň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn maslahat geçirildi.

Moskwadaky Siriýa maslahatyna Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen Eýranyň Daşary işler ministri Jewad Zarif gatnaşdy.

“Türkiýe, Eýran we Russiýa parahatçylyk jarnamasyna goldaw berýär” diýen Russiýanyň Daşary işler ministri Lawrow, Türkiýäniň, Russiýanyň we Eýranyň Siriýa krizisiniň çözülmegi üçin durmuşa geçiriljek işleri kesgitleýän bilelikdäki jarnamany kabul edýändigini aýtdy.

 



Degişli Habarlar