Donald Tramp: “Siriýada howpsyz zolaklar dörediler”

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdoganyň ençeme ýyl bäri gaýtalap gelýän meselesi bolan Siriýada howpsyz zolaklaryň döredilmegi baradaky çagyryşyny Donald Tramp goldady

631893
Donald Tramp: “Siriýada howpsyz zolaklar dörediler”

ABŞ-nda 8-nji noýabrda geçirilen saýlawlarda Prezidentlige saýlanan Donald Tramp ýurdunyň Siriýada howpsyz zolaklar döretjekdigini mälim etdi.

Amerikanyň metbugatynda berilýän habara görä Tramp Pensilwaniýanyň Herşi şäherinde eden çykyşynda Siriýada bolup geçýänleriň örän gynandyryjydygyny belledi.

Tramp: “Örän gynandyryjy. Ol ýerdäki adamlara kömek bereris. Siriýada howpsyz zolaklar dörederis. Ol ýerde howpsyz zolaklaryň döredilmegine kömek bereris” diýdi.

Howpsyz zolaklaryň döredilmegi bilen Siriýadaky adamlarda ýaşaýyşa umyt dörejekdigini bellän Tramp taslamanyň çykdajylaryny Pars aýlagy ýurtlaryndan talap ediljekdigini habar berdi.



Degişli Habarlar