NATO-Russiýa Geňeşiniň maslahaty 19-njy dekabrda geçiriler

NATO-nyň Baş Sekretary Ýens Stoltenberg NATO-Russiýa Geňeşiniň 19-njy dekabrda Ukraina meselesi boýunça maslahat geçirjekdigini aýtdy

631642
NATO-Russiýa Geňeşiniň maslahaty 19-njy dekabrda geçiriler

Stoltenberg ÝB-ne agza ýurtlaryň döwlet we hökümet ýolbaşçylarynyň gatnaşmak üçin Belgiýanyň Brýussel şäherine guraýan saparynyň dowamynda žurnalistleriň soraglaryna jogap berdi.

NATO-nyň Russiýa bilen esasy dialog platformasy bolan NATO-Russiýa Geňeşini duşenbe güni maslahat geçirmäge çagyrandygyny aýdan Stoltenberg, ilçileriň derejesinde geçiriljek maslahatda Ukraina meselesine garaljakdygyny mälim etdi.

Stoltenberg: “Şu günki günde bolşy ýaly dartgynly günlerde Russiýa bilen gönüden dialogy dowam etdirmek hemişekisinden has möhüm” diýdi.

NATO-Russiýa gatnaşyklary resmi Moskwanyň 2014-nji ýylda Ukrainanyň Krym Awtanomiýasyny anneksiýa etmeginden soň dartgynlaşypdy.

NATO-Russiýa Geňeşiniň maslahatlary şu ýyl ýaňadandan başlapdy, emma iki maslahatdan-da netije çykmandy.



Degişli Habarlar