ÝB bilen Kuba hyzmatdaşlyk şertnamasy baglaşdy

Kuba ÝB bilen syýasy dialog we hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşan ýeke-täk Latyn Amerika ýurdy boldy

628833
ÝB bilen Kuba hyzmatdaşlyk şertnamasy baglaşdy

ÝB bilen Kubanyň arasynda ilkinji gezek syýasy dialog we hyzmatdaşlyk şertnamasy baglaşyldy.

Şertnama ÝB-ne agza ýurtlar bilen Kubanyň Daşary işler ministri Bruno Rodrigues Parilla gol goýdy.

Russia Todaýyň habaryna görä, Kuba ÝB bilen syýasy dialog we hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşan ýeke-täk Latyn Amerika ýurdy boldy.

Syýasy dialog we hyzmatdaşlyk şertnamasynyň güýje girmegi üçin Ýewropa Parlamentinde, agza ýurtlaryň mejlislerinde  we Kubanyň mejlisinde sese goýlar.

 



Degişli Habarlar