ABŞ Russiýa çagyryş berdi

ABŞ Siriýa meselesinde “jogapkärçilikli rol oýnamagy” üçin Russiýa çagyryş berdi

626052
ABŞ Russiýa çagyryş berdi

 

Ak Tamyň metbugat geňeşçisi Jon Earnest Siriýa meselesi diplomatiýa taýdan çözülýänçä Russiýa uly jogapkärçiligiň düşýändigini nygtap, “Ruslaryň uly rol oýnamagynyň wagty geldi” diýdi.

Earnest gündelik metbugat ýygnagynda Asada tabynlykdaky güýçleriň  harby taktikalarynyň we Russiýa bilen Eýranyň meselä degişli bolmagynyň Siriýada başdan geçirilýän krizisiň çözülmegine böwet bolýandygyny aýtdy.

Ak Tamyň metbugat geňeşçisi Günbatarly ýurtlaryň düýn çap eden we Ak Tam arkaly mälim eden Russiýa bilen Eýranyň goldaw bermeginde şäheri bombalaýan Siriýanyň hökümetini ýazgarýan bilelikdäki jarnamasyna ünsi çekdi.

 


Etiketkalar: #Ak Tam , #çagyryş , #Russiýa

Degişli Habarlar