Fransua Olland Prezident saýlawlaryna dalaşgär bolmaz

Fransiýanyň Prezidenti Fransua Olland 2017-nji ýylda geçiriljek Prezident saýlawlaryna dalaşgär bolmajakdygyny mälim etdi

622157
Fransua Olland Prezident saýlawlaryna dalaşgär bolmaz

Sosialist partiýasyndan bolan Olland kanallaryň birinde soňky 4,5 ýyllap ýurdy üçin ýürekden we dogruçyl ýagdaýda işländigini belledi.

Ýurdunyň zerurlyklaryny şahsy betnebisliginiň öňüne goýandygyny nygtan Olland: “Ikinji döwür üçin dalaşgär bolmaryn” diýdi.

Olland Fransiýanyň başga ýurtlara ýapylmazlygyny we goragçy syýasat alyp barmalydygyny belläp, Milli front partiýasynyň başlygy Marine Le Peniň ýolbaşçylygyndaky aşa sagyň ýokarlanyşyna hem ünsleri çekdi.

Ollandyň dalaşgär bolmajakdygy barada beýanat berilmeginden soň Premýer minsitr Manuel Wallsyň Sosialist partiýasyndan Prezidentlige dalaşgär bolmak mümkinçiliginiň köpelendigi nygtalýar.



Degişli Habarlar