Türkiýäniň uçarlary terror guramasy DAIŞ-iň ýerlerini nyşana aldy

DAIŞ-e degişli 3 binany we 2 ýaragly ulagy hatardan çykardy

622178
Türkiýäniň uçarlary terror guramasy DAIŞ-iň ýerlerini nyşana aldy

 

Baş ştab tarapyndan berilen beýanata görä Siriýanyň demirgazygynyň terror guramalardan saplanmagy üçin 24-nji awgustda Türkiýäniň öňbaşçylyk etmeginde başladylan Ýewfrat galkany operasiýasynyň 101-nji gününde Türkiýäniň harby howa güýçlerine degişli uçarlar Bzagah we Sulfaniýah sebitinde terror guramasy DAIŞ-e degişli 3 binany we 2 ýaragly ulagy hatardan çykardy.

Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasy AFAD-yň we Türk Ýarym gyzylaý jemgyýetiniň Azat Siriýa goşunyna we asuda ilata iberýän ynsanperwer goldawy hem arakemesiz dowam edýär.

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri sebitde ýaşaýan asuda ilata zeper ýetmezligi üçin ähli çäreleri görýär.



Degişli Habarlar